TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY BABATYNDA ÖZARA PIKIR ALYŞYLDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryndaky işjeň gatnaşyklaryny bellediler.

Söhbetdeşler nebitgaz, şeýle-de bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça taslamalaryň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi babatynda pikir alyşdylar.