TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda gubernator Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň strategik we köptaraply häsiýetli däbe öwrülen türkmen-rus gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda Gahryman Arkadagymyz hem-de gubernator özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesiniň, şeýle hem oňyn syýasy-diplomatik gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde esasy görkeziji bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Mundan başga-da, ykdysady gatnaşyklar we parlamentara işjeň gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň oňyn depginini görkezýär. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Sankt-Peterburg kompaniýalary Aşgabatda birnäçe senagat taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirdi. Türkmenistan Sankt-Peterburgyň senagat, gurluşyk harytlaryny öndürmek we şäher gurluşygy pudagynda toplan berk tejribesini öwrenmäge we ulanmaga gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän jemgyýetçilik maksatly döwlet maksatnamalary, şol sanda IT-tehnologiýa pudagy we “akylly” şäherleriň gurluşygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde kesgitlenildi.

Munuň bilen birlikde, medeni we ynsanperwer ugur ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde görkezilýär.