TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.

Gubernator döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de soňky ýyllarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň geljekde-de köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýanydygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň toplumy boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda biziň ýurdumyz bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň arasynda ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Sankt-Peterburgyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk senagaty ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz sankt-peterburgly hyzmatdaşlaryň täze ugurlar, şol sanda sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri gurmak, şeýle hem beýleki möhüm ulgamlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardyr. Şol bir wagtda, ylym-bilim hyzmatdaşlygyna uly üns berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassykladylar.