TÜRKMEN-ISPAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Markos Gomes Martinesiň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işini amala aşyrmakda türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Diplomatlar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen Ispaniýanyň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn hem-de halkara düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar oba hojalyk, ulag-logistika, şeýle hem medeni-ynsanperwer, bilim maksatnamalary hem-de ispan dilini öwrenmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.