ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde işjeň alnyp barylýandygyny bellediler.

Ýokary derejedäki saparlary alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energetika, bilim ulgamlary, şeýle hem ekologiýa we Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Şu nukdaýnazardan, taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin “BOMKA”, “KADAP”, “Erazmus+” we ş.m. sebit meýilnamlaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky sazlaşykly işini belläp geçdiler.