ARKADAG ŞÄHERINDE HALKARA ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişellik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumy geçirildi.

Gibrid görnüşinde geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly diýip yglan etmek baradaky kararnamasynyň awtordaşlary bolup çykyş eden döwletlerden bolan ýaş liderler, işjeň wekiller, talyplar, telekeçiler gatnaşdylar.

Wekilçilikli forumyň maksady tutuş dünýäde adamlaryň arasyndaky dawalary we gapma-garşylyklary diplomatik usullar arkaly çözmek we olary ýeňip geçmek üçin iň möhüm gural hökmünde parahatçylykly dialoga ýardam bermekden ybarat.

Forumyň çäklerinde parahatçylygy gurmakda täze tehnologiýalary ulanmak, howanyň üýtgemegi we parahatçylygyň arabaglanyşygy, sanly diplomatiýanyň meseleleri ýaly häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem parahatçylyk we sosial jebislik boýunça ýaşlar başlangyçlary babatynda özara pikir alyşmalar geçirildi.

Medeniýet we sungat arkaly parahatçylyga ýardam bermek meselelerine hem aýratyn üns berildi.

“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylar çäräniň dowamynda öňe sürlen möhüm teklipler we pikirler boýunça dialogy dowam etdirmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler.

Foruma gatnaşyjylar medeniýetara gepleşik, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylygy we ynamy berkitmek üçin ýaşlary zerur institusional binýat bilen üpjün etmek maksady bilen, dialogyň parahatçylygyň kepili hökmünde halkara forumlaryny yzygiderli geçirmek baradaky türkmen tarapynyň teklibi bilen ylalaşdylar.

Çäräniň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaşlar dialogyny döretmek barada Ähtnama gol çekildi, şeýle hem “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi kabul edildi.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdyryldy.