TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GYRGYZYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi.

Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Şeýle-de Gyrgyzystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gyrgyz Lideri döwlet Baştutanymyzyň Bişkek şäherine şu saparynyň öňden gelýän dostlukly, halklarymyzyň taryhy-medeni umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, gyrgyz Liderine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, ähli ugurlar boýunça okgunly ilerledilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda söwda-ykdysady ulgamda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak, ösüşiň oňyn görkezijilerine eýe bolan özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygy bellenildi.

Nebitgaz senagaty, energetika, ulag, oba hojalygy we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň ähmiýetli orny nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine elektrik energetikasy ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, bu ulgamda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen baglylykda, yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag we logistika merkezi hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň orny bellenildi.

Döwlet Baştutanlary ynsanperwer gatnaşyklary - ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň köptaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Bu ugurda taraplar birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň şu sammitiniň gün tertibi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.