TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ BETBAGTÇYLYKLARYŇ TÖWEKGELÇILIGINI AZALTMAK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin müdiriniň orunbasary Sebastian Penzini bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda kuwwaty artdyrmak üçin bilelikdäki çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň bir bölegidigi nygtaldy.

M.Bäşimowa Türkmenistanyň ilaty betbagtçylyk howplaryndan we olaryň netijelerinden goranmak üçin täsirli çäreleri görýändigini belledi. Bu nukdaýnazardan, halkara guramalarynyň hem işjeň gatnaşýan, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça pudagara iş toparynyň alyp barýan işleri bellenildi.

Taraplar tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk we garşy göreşmek, şeýle hem sebit we halkara derejesinde çäreleri geçirmek boýunça bilelikdäki işleri has-da güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdiler.