TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabryndan başlap türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Bir guşak, bir ýol" üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynda iş sapary bilen bolýar. Saparyň çäginde birnäçe duşuşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalara gol çekmeklik meýilleşdirilýär.

Saparyň birinji gününde Arkadag we maşgalasy, Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardylar, bu ýerde belent mertebeli myhmanlary resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we onuň maşgalasy Pen Liýuan bilen surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra “Taýwan” mejlisler zalynda wekiliýetleriň Baştutanlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynyň resmi banneriniň we dünýä ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.

“Altyn” zalda belent mertebeli myhmanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hormatyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berilýär. Onuň dowamynda HHR-iň sungat ussatlary çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň HHR-a iş sapary dowam edýär.