TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ilçi Täjigistanyň baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň iki doganlyk ýurduň we halkyň özara gyzyklanmalary doly laýyk gelýän däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklaýan iň ýagşy arzuwlaryny ýetirdi.

Emomali Rahmon diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi mynasybetli gutlady hem-de oňa türkmen-täjik köpugurly gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Täjigistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna bolsa, gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.