TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Günorta Afrika Respublikasynyň Gazagystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi Pis Bardolf Kennedi bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek, DIM-ara geňeşmeleri geçirmek we iki ýurduň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada ylalaşdylar.

Halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäginde iki ýurduň arasyndaky işjeň aragatnaşyk kanagatlanma bilen bellendi.