TÜRKMENISTAN ŞHG-NIŇ WE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ BIŞKEKDE GEÇIRILEN MEJLISLERINE GATNAŞDY

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlise Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Hindistanyň we Päkistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda howpsuzlyk, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda, howanyň üýtgemegine we suwuň hapalanmagyna, biologiki dürlüligi gorap saklamaga garşy göreşmek üçin tagallalary birleşdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ŞHG-nyň umumy ykdysady bazaryny döretmek, energetika, ulag we oba hojalygy meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary we garaýyşlary barada bellemek bilen, wekiliýetiň ýolbaşçysy H.Geldimyradow senagat hyzmatdaşlygynda, ýaşyl ykdysadyýetde we sanlylaşdyrma ulgamynda, maýa goýumlary pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösüşini güýçlendirmekde bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Mejlisiň jemleri boýunça 14 resminama gol çekildi.

 

Şol gün Bişkek şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibi Arkalaşygyň giňişliginde ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli söwda, senagat pudagy, ulag, energiýa, logistika, şeýle hem maýa goýum pudagy, söwda gatnaşyklarynyň täze zynjyrlaryny döretmek ýaly köp sanly meseleleri öz içine aldy.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynyň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen GDA-nyň Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk Jarnamasynyň ýerine ýetirilişini güýçlendirmek, bitewi milli maliýeleşdiriş mehanizmlerini döretmek ýaly wezipeleri durmuşa geçirmekde Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça milli strategiýanyň döredilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem, türkmen döwletiniň Arkalaşygyň döwletleri üçin Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar iri infrastruktura ulgamyny ösdürmegiň çäginde energiýa, ulag we aragatnaşyk böleklerini diwersifikasiýa etmek üçin degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga taýýardygyny beýan etdi.

GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriler.

 

2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Bişkek şaherinde geçirilen ŞHG-nyň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleriniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri J.Jilanynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

J.Jilany iki döwletiň arasynda dürli ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, gadymy döwürlerden bäri dostlukly halklarymyzy birleşdirýän taryhy we medeni umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ynam bildirdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we özara bähbitli ösüş ýoly barada pikir alyşdylar.

Hususanda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady, düzümleýin ösüşine täze itergi berer diýip nygtalyp, TAPI-nyň owgan bölegi boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň güýçlendirilmegi üçin özara gepleşikleriň geçirilmegi teklip edildi.

Şeýle-de, söwda-ykdysady ulgamda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak, ösüşiň oňyn görkezijilerine eýe bolan özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygy bellenildi.

Nebitgaz senagaty, energetika we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-päkistan toparynyň işiniň ähmiýetli orny nygtaldy.