TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuny kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan, iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň Daşary işler ministri uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, GDA, YHG ýaly iri halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk edýärler diýlip bellenildi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formaty özüniň netijeliligini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna öňde Astana şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitini üstünlikli geçirmegi arzuw etdi.

Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň bu ulgamda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döredýändigi nygtaldy. Şeýle-de energetika pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Özara Medeniýet günlerini, festiwallary guramak tejribesiniň dowam etdirilmegi, döredijilik we ylmy işgärleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň giňeldilmegi bu ugurda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň baýlaşdyrylmagyna ýardam berer.