img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Kuweýt Döwletiniň Ilçisi DIM-ne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

photo

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Bader Abdullah Almunaýehiň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

B.Mätiýew Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar türkmen-kuweýt ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň ähmiýetini nygtadylar.

Taraplar Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüş häsiýete eýedigini nygtadylar we bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerledilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.