img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda taraplar Türkmenistanda IRENA guramasynyň ýerli edarasyny açmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.