Täjigistanyň SSE-da ikitaraplaýyn özarahereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradowyň TR-niň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasay H.Rajapow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn türkmen-täjik özarahereketlerini has hem işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Bu ugurda, ýeňil senagaty, nebitgaz pudagy, azyk önümleri, şeýle-de agrosenagat toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem ilerledilmegi üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýratyn bellenilip geçildi.

Täjik tarapy türkmen tarapynyň Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak boýunça başlangyçlaryny oňlamak bilen, bu ugurda dostlukly döwletiň onuň mümkin bolan tiz wagtda açylmagy hem-de işiniň doly gurnalmagy babatynda zerur bolan ýardamlary bermäge hemmetaraplaýyn taýýarlygyny mälim etdi.