Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradowyň Täjigistanyň milli kitaphanasynyň direktory Faýzalizoda Jumahon Hol bilen duşuşygy.

2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçisi A.Goçmyradowyň Täjigistanyň milli kitaphanasynyň direktory Faýzalizoda Jumahon Hol bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk başlamazyndan ozal, täjik tarapy Ilçini kitaphananyň muzeý fondy bilen tanyşdyrdy.

Soňra gepleşikleriň barşynda Ilçi türkmen tarapynyň kitaphananyň 4-nji gatynda döredilen türkmen burçy ücin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndylaryny kitaphana sowgat berdi.

Şunda täjik tarapy türkmen burçuna ýerleşdirilen täze kitaplar üçin hoşallyk bildirip, onuň özarabähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde ilkinji ädimler boljakdygyny belledi.