Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçisi A.Goçmyradowyň we Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň häkimi Dawlatali Said bilen duşuşygy.

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Ilçi A.Goçmyradowyň Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň häkimliginde bu welaýatyň häkimi Dawlatali Said bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde, taraplar Türkmenistan bilen Hatlon welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary we geljegi barada özara pikir alyşdylar, şeýle-de Hatlon welaýaty bilen Mary welaýatynyň arasynda bar bolan ylalaşygyň çäginde göz öňünde tutulan dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iş ýüzünde amal edilmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtap geçdiler.

Şeýle-de, häzirki wagtda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergaş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde gurulýan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky orta mekdebiň gurluşyk işleriniň alnyp barylyşy barada pikir alyşyldy.

Ilçi mekdebiň gurluşygynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berip, gurluşyk işleriniň çalt depginlerde alnyp barylýandygyny belledi we desganyň sentýabr aýyna çenli işe girizilmeginiň mümkindigini habar berdi. Şonuň üçin hem geljekde mekdebi kabul edip almak üçin ýörite topary döretmek meselesine hem-de mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyşygyna taýýarlyk görmek boýunça täjik tarapynyň häzirki wagtdan girişmegi haýyş edildi.

Häkim öz gezeginde, dostlugyň mizemezliginiň nyşany bolan bu mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyşygyny geçirmek üçin ähli ýardamlary bermäge taýýardygyny we kabul ediş toparyny döretmek barada hem welaýatyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna tabşyryk berjekdigini aýtdy. Ol bu taryhy taslamanyň durmuşa geçirilýändigi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de Türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda, Ilçi häkimi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti S.Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bilen tanyşdyryp, oňa kitaby sowgat berdi.