“Adam gymmatynyň ösüşi” atly halkara forumy.

2024-nji ýylyň 14-15-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň we Bütindünýä bankynyň bilelikde gurnamagynda “Adam gymmatynyň ösüşi” atly halkara forumyna, birnäçe ministrlikleriň we bölümleriň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň resmi wekiliýeti gatnaşdy.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar şeýle forumyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ilkinji gezek geçirilýändigini belläp geçmek bilen adam gymmatlyklaryna degişli meseleler we olaryň mümkin bolan çözgütleri barada ara alyp maslahatlaşmak üçin şular ýaly duşuşyklary her ýylda gurnamagy teklip etdiler.