Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşmaga ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, iki goňşy ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda bolşy ýaly, ynsanperwer ulgamda hem üstünlikli ösdürilýär. Beýik akyldar şahyryň edebi mirasynyň türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy M.Pezeşkiany Eýranyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady.

Doganlyk ýurduň Baştutany halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekip, bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli goşgularynyň häzirki döwürde-de uly ähmiýetini saklap galýandygyny aýtdy. Prezident Masud Pezeşkian pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine EYR-nyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Beýik ruhy liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň tutuş sebitde netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin strategik ähmiýete eýedigini görkezýär.

Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hem üstünlikli ösdürilýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda işjeň medeni we ylmy alyşmalaryň ýola goýulmagy, türkmen hem eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi, özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň ençeme meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistan bilen Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýär.

 Şeýle hem söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.