Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym Simona-Mirela Mikuleskunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.

Türkmenistanda bolup geçýän medeni-ynsanperwer häsiýete eýe bolan çäreleriniň ähmiýeti, hususan-da düýn Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň ýokary derejede geçirilendigi bellenildi.

«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň wajyplygy hem nygtaldy. Degişli şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy Arkadag şäherinde geçirildi.

Şeýle-de taraplar arhiwleşdirme, sanlylaşdyrma, ylym we bilim pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine-de garadylar.