Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistan DIM-niň, ylmy intellegensiýadan ybarat bolan Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpusyň agzalary, ylym-bilim pudagynyň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý eksponatlarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň sergisi guraldy. Şeýle hem çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyran şahyr hakynda bilelikdäki türkmen-özbek terjimehal filminiň bölekleri görkezildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler görnükli şahyryň döredijilik mirasynyň medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle-de Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatynyň arasyndaky arabaglanyşyga seljerme berdiler we şahyryň eserleriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini açyp görkezdiler.

Çykyşlaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň milli çäkleriň daşyna çykandygyny we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini nygtadylar.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmegi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hem-de dostlugy pugtalandyrmakda nobatdaky ädim boldy.