DUŞENBE ŞÄHERINDE “DUŞENBÄNIŇ KITABY” ATLY 12-NJI HALKARA KITAP SERGISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 22-24-nji oktýabrynda Duşenbe şäherinde “Duşenbäniň kitaby” atly 12-nji halkara kitap sergisi geçirildi. Oňa täjik we daşary ýurtly neşir edaralary, ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, şol sanda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Sergide milli görnüşde bezelen Türkmenistanyň pawilýonynyň hem guralmagy gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Onda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna, milli däp dessurlaryna, halk döredijiligine degişli kitaplar, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri ýerleşdirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän kitaplaryň türkmen we daşary ýurt dillerine terjimesi sergide uly orun eýeläp, ony synlanlaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy.
Şeýle-de, sergide türkmen medeniýetiniň, milli däp-dessurlarynyň waspyny ýetirýän zergärçilik we bezeg önümleri hem ýerleşdirildi.