Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçirildi
2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
16-njy oktýabrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
Sahnada Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Russiýa Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansambly wekilçilik etdi. Konsert gadymy halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen popurri çykyşy we beýleki döredijilik çykyşlary bilen dowam etdi.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýüniň guramagynda fotosuratçylaryň işleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Medeniýet günleriniň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda we Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynda Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy, P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi Dmitriý Masleýew ussatlyk sapaklaryny geçirdi.
Çäreler «Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň ýubileýine tarap» atly nusgawy saz konserti bilen dowam etdirildi. Dmitriý Masleýewiň ýerine ýetirmeginde P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleri ýaňlandy.
Şeýle hem «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň solistleri Türkmenistanyň tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler. Myhmanlar halk sahna horeografiýasynyň aýratynlyklary, gadymy adygeý tanslarynyň usulyýeti, gyzykly mowzuklar bilen baýlaşdyrylan tans-spektakllary barada gürrüň berdiler.