Halkara dag-metallurgiýa forumy we sergisi geçirildi
2024-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Halkara dag-metallurgiýa forumy we sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary B.Tatowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
B.Tatow öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda senаgatyň dürli ugurlarynda, ýagny elektroenergetika, himiýa, nebit we geohimiýa, metallurgiýa we gurluşyk pudagynda gazanylan ösüşler dogrusynda belläp geçdi.
Şeýle-de türkmen tarapy türkmen we täjik kompaniýalarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň senagatyň ähli ugrularynda geljekki ösüşi gazanmak üçin giň mümkinçiliklere eýe boljakdygyny nygtady.
Forumyň çäklerinde Täjigistanda öndürilýän harytlaryň sergisi gurnalyp, onda kompaniýalar özleriniň birnäçe önümçiliginiň görnüşlerini hödürlediler.