Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abduladan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Efiopiýanyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyga, ykdysady gülläp ösüşe gönükdirilen özgertmeler syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçä Türkmenistanyň içeri syýasaty we dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi.

Türkmen-efiopiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Bitarap Türkmenistanda Efiopiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, öz tarapyndan netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.