Milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň wekillerine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medallary we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanistanyň hem-de daşary ýurtlaryň diplomatik gulluklarynyň işgärlerine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşuryş dabaralary geçirildi.

Sylaglamak dabaralarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamalaryny okady.

Çärelere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik korpusynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet sylaglarynyň eýeleri ösüp gelýän ýaş nesilleri türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge, goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, bitiren işlerine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Mundan başga-da, diplomatlaryň medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, parahatçylygy, halklaryň arasynda dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan uly goşandy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryň beýany bolan beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň düýp mazmuny aýratyn bellenildi.

Öz hoşallyk çykyşynda Magtymguly Pyragynyň esasy maksady halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek bolan Birleşen Milletler Guramasynyň dörediljekdigini weli hökmünde görendigini bellän BMG-niň Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germanyň sözleri aýratyn bellärliklidir.