Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçisiniň BMG-nyň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda türkmen tarapynyň teklibi bilen, BMG-nyň Täjigistandaky hemişelik wekilhanasynda Ilçi A.Goçmyradow bilen Täjigistandaky BMG-nyň hemişelik utgaşdyryjysy R.Parwatiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda söhbetdeşler Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan hem BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterresiň 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana eden saparynyň ähmiýeti, şeýle-de 2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda, onuň bilen Milli Liderimiziň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Şeýle-de olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Täjigistanda bilelikde çäreleri gurnamak, bu meselede Ilçihananyň meýilleşdirýän çärelerine hem işjeň gatnaşmak barada ylalaşdylar.

Ilçi öz gezeginde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary derejede bellenip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyklygynyň 30 ýyllygynyň BMG-nyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmeginiň hem aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan gelip çykýan meseleler barada netijeli pikir alyşmalar boldy.

         BMG-nyň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz gezeginde, Türkmenistan tarapyndan halkara arenasynda öňe sürülýän ähli başlangyçlaryň bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn kabul edilýändigini tassyklady.

         Duşuşygyň ahyrynda BMG-nyň utgaşdyryjysyna Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaby sowgat berildi.