Duşenbede Türkmenistanyň we Pakistanyň ilçileriniň arasynda duşuşyk

2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Saeed Sarwar bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalanýandyny tassyklap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem energiýa, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.
Taraplar medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde konstruktiw gepleşikleri we işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Şeýle-de Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm rol oýnaýandygy nygtaldy.