Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Alparslan Baýraktar duşuşyk üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz öz gezeginde doganlyk ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de halkara forumynyň netijeleriniň iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Myhmanyň belläp geçişi ýaly, baý tejribä eýe bolan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkiýe Respublikasy bilen energetika babatda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki gyzyklanma bildirýän ýurtlara iberilmeginiň häzirki döwürde möhüm meseleleriň biri bolup durýandygy bellenip geçildi.
Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň ýurdumyz üçin gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça hem türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga bolan gyzyklanmasyny bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.