Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

photo

2025-nji ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda soňky ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Nowruz baýramyny bellemek bilen, türkmen hem-de özbek halklarynyň ata-babalarynyň parasatly wesýetlerine laýyklykda, jebisleşip, geljekde-de egin-egne berip, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýoly bilen öňe gitjekdiklerine berk ynam bildirýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan, açyklyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy dialog şeýle hyzmatdaşlygyň baş şertidir.

Biz şu ýyl Özbegistanda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” hem-de “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitleriniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegini doly goldaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu halkara çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek ugrunda bilelikde netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly halkara maslahat halkara işjeňlik bilen baglanyşykly gozgalan ýene-de bir mesele boldy.

Özbek Lideri Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara gatnaşyklaryň netijeli guralmagyna jogapkärli çemeleşmeleri üçin hoşallygyny beýan edip, umumy tagallalaryň birleşdirilmeginiň, bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagynyň diňe iki goňşy ýurduň däl, umuman, Merkezi Aziýa sebitiniň hem durnukly ösüşine goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Görnüşi ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanda hem, Özbegistanda hem halkara derejeli çärelere baý bolar. Olaryň ählisi halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ýaly asylly maksatlara bagyşlanar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan, içeri we daşary syýasatynda BMG-niň ýörelgelerini işjeň öňe sürýän doganlyk ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen uzak möhletleýin, giň gerimli strategiýalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşjakdyklaryna, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berjekdiklerine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.