Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi, öz gezeginde, hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Horwatiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, dostluk baradaky ynandyrmalaryny we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi, onuň kanun çykaryjylyk işi hakynda giňişleýin gürrüň berildi.
Şunda innowasion esasda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, döwrebap düzümleri kemala getirmäge, halkymyzyň abadançylygyny, durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalara aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köptaraplaýyn gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hrwoýe Swetanowiç deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.