Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

photo

2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bender-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan goňşy döwletiň Baştutanyna we Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Eýranyň ýakyn goňşusy hökmünde partlama zerarly ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hoşallyk bildirip, şu çylşyrymly pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ilkinji bolup öz goldawyny bermek baradaky teklibini beýan edendigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Masud Pezeşkian ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.