Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda bolmagyna şatdygyny aýtdy hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem Žoel Buzu Milli Liderimize Monakonyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Žoel Buzu Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ž.Buzu türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ýene-de bir gezek gutlap, türkmen sirk sungatynyň ýeten ýokary derejesini belledi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Žoel Buzu ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.

Myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi hem-de saparlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuwa berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.