Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

photo

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menziline gelip gondy.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly we goňşy ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary munuň aýdyň beýanydyr.