Türkmenistan bilen Çad Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mümkinçiliklere garaldy

photo

2025-nji ýylyň 9-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - delegaty Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Çad Respublikasynyň wekiliýetine BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirildi. Taraplar bu çäräniň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ösüş nukdaýnazarlaryndan ähmiýetini bellediler.

Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň wekiliýetleriniň şu ýyl Türkmenistan we Çad Respublikasy tarapyndan guraljak çärelere gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldy.

Hanym Garfa hem öz gezeginde “Çad Connection 2030” taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň wekilleriniň çärelere gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-çad gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.