Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetine ýokary baha berdiler we mundan beýläk hem berkitmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.