Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

photo

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.

Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.