Täjigistanyň Milli uniwersitetinde geçirilen çäre

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Milli uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherindäki iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününde eden çykyşynyň netijelerine bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Ilçihananyň wekilleri, uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Onda hormatly Prezidentimiziň BMG-nyň belent münberinde eden çykyşynyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlylygynyň, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şeýle hem çykyşda öňe sürlen başlangyçlaryň durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, ynsanperwer gatnaşyklary we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapjakdygy nygtaldy.

Şeýle-de, ýygnananlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren teklipleriniň Watanymyzyň halkara abraýyny täze derejä çykarýan möhüm wakadygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň aýratyn ähmiýeti barada maglumat berildi.

Mundan başga-da, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütleriň ilatymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigi, garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň ýokary derejede belleniljekdigi we 12-nji dekabrda bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralanyp belleniljekdigi nygtaldy.