Türkmenistan we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kataryň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.
Şeýle-de, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.