Türkmenistanyň Ilçisi Täjigistanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Täjigistandaky Hemişelik wekili jenap Sudipto Mukerji bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň hem-de BMG-nyň ÖM-nyň çäginde amala aşyrylýan başlangyçlary utgaşdyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmeginiň hem-de tejribe alyşmagyň durnukly ösüşiň umumy maksatlaryna ýetmäge, şeýle hem sebitde klimat we ykdysady-jemgyýetçilik meselelerine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini bellediler.

Ilçi A.Goçmyradow Türkmenistanyň BMG-niň çägindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap, sebitleýin dialogy we utgaşdyrylan hereketleri pugtalandyrmak ugrunda BMG-nyň ÖM-nyň tagallalaryny goldaýandygyny belledi.

Jenap Sudipto Mukerji Türkmenistanyň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan möhüm goşandyny belläp, BMG-nyň ÖM-nyň durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar BMG-nyň ÖM-nyň ugry boýunça yzygiderli aragatnaşygy saklamak hem-de sebitde durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek niýetlerini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2025-nji ýylyň noýabrynyň başyndan başlap Türkmenistanda BMG-nyň ÖM-nyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň işe girizilendigini belläp geçdiler. Bu maksatnama taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolup, milli ösüş maksatlaryny hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda möhüm ähmiýete eýedir.