Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamasynyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi geçirildi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin bölümi tarapyndan Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamanyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi üstünlikli geçirildi.

Mejlis Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan gurnalyp, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýew wekilçilik etdi.

Çäre garyşyk formatda geçirilip, oňa Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 100-den gowrak wekil gatnaşdy.

Maksatnamanyň Dolandyryjylar komitetiniň mejlisi Maksatnamanyň 2025-nji ýylda gazanan esasy netijelerine baha bermek, 2026-njy ýyl üçin strategik we amaly ugurlary tassyklamak hem-de 2027–2030-njy ýyllar aralygy üçin täze sebitleýin maksatnamany taýýarlamak boýunça geňeşmeleri başlamak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Çärä gatnaşyjylar neşe serişdelerine garşy göreşmek, jenaýatçylygyň öňüni almak, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, korrupsiýa garşy göreşmek, serhet dolandyrylyşy we saglyk meseleleri ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde UNODC-niň yzygiderli goşandyny bellediler.

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Stolpe giriş sözünde: «Soňky dört ýylyň dowamynda, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Merkezi Aziýa boýunça Maksatnamanyň herekete başlanyndan bäri, ol BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan Merkezi Aziýa döwletlerine tehniki kömegini bermekde, ösüş we howpsuzlyk babatynda adaty hem-de täze ýüze çykýan meseleleri çözmekde üstünlikli strategiki binýat bolup hyzmat etdi»  diýip belledi.

Mejlise gatnaşyjylar UNODC-niň gyzyklanma bildirýän sebitleýin taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy berkitmäge, institusional mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga, bikanun neşe dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýata garşy utgaşdyrylan çäreleri güýçlendirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kazyýet we saglyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge ygrarlylygyny tassykladylar.