«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly çäre barada
2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçirildi.
Bu çärä Täjigistanyň ýaşlaryň işi hem-de sport boýunça komitetiniň wekilleri, “Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni hyzmatdaşlyk saklamak boýunça täjik jemgyýeti”-niň we Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, intelligensiýanyň wekilleri hem-de ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.
Onuň dowamynda Ilçi A.Goçmyradow, “Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni hyzmatdaşlyk saklamak boýunça täjik jemgyýeti”-niň täjik-türkmen medeni hyzmatdaşlygy boýunça jogapkäri Mirzo Şohruh, Täjigistanly türkmenleriň jemgyýetiniň başlygy D.Gaýypnazarow, Täjigistanyň Osimi adyndaky Tehniki uniwersitetiniň tehniki kollejiniň halkara gatnaşyklar boýunça direktoryň orunbasary Z.Häkimow, professor H.Umarow.HHJjjhH we başgalar çykyş etdiler.
Çykyşlarda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara ýaryşlarda üstünlikleri gazanmagynyň, ahalteke atçylyk sungatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň alamatydygy bellenildi.
Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllar içinde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri barada we Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede bellemek maksady bilen 2026-njy ýylyň dowamynda geçiriljek çäreler barada giňişleýin beýan edildi.
Soňra ilçihananyň binasynda ýaýbaňlandyrylan surat we kitap sergisine tomaşa edildi. Onda myhmanlar ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendirilen amaly-haşam sungatynyň eserleri, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik işleri bilen tanyşdylar. Sergide ýyndam bedewlere birnäçe ajaýyp kitaplaryny, şol sanda “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly we beýleki kitaplaryny bagyşlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri bilen myhmanlar ýakyndan tanyşdylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.