Turkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Turkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.
Gazagystanyň wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda diňe bir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň däl-de, eýsem hakyky doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bardygyny nygtady.
Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow döwlet Baştutanyna hem-de Gahryman Arkadagymyza Kasym-Žomart Tokaýewiň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Premýer-ministr Bektenowa Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň Gazagystan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz şu mejlisiň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütleriň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, häzirki saparyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Gazagystan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.
Türkmenistan Gazagystan bilen daşary syýasat ulgamynda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Döwletlerimiz sebit düzümleriniň, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, «Merkezi Aziýa +» hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde hem özara tagallalary üstünlikli utgaşdyrýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäherinde geçirilen hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka bolan Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES 2026) gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady hem-de türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Premýer-ministr Olžas Bektenow birek-birege berk jan saglyk, bagt we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.