img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Turkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy geçirildi

photo

2026-bjy ýylyň 22-nji maýynda Turkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Aşgabada amala aşyrýan her bir saparynda ýurdumyzda Turkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny belledi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem myhman Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýändigini belledi. Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmona iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Täjigistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Täjigistan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu mejlisiň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Täjigistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekdi. Elektroenergetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlary, bilelikdäki iri düzümleýin hem-de maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň hem wajypdygy aýdyldy.

Duşuşykda geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, iki halkyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga Türkmenistanyň ygrarlydygy tassyklandy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda iki ýurduň hem dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.