img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň Bonn maslahatyna gatnaşýar

img
img
img
img

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 8-16-njy iýuny aralygynda Bonn şäherinde (Germaniýa Federatiw Respublikasy) geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC SB64) kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine gatnaşýar.

Forumyň maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti howanyň üýtgemegi meseleleri babatynda ýurduň milli garaýyşlaryny öňe sürdi. Şeýle hem Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.  

Türkmen tarapy öz çykyşynda howanyň üýtgemegine garşy iş alyp barmak, şol sanda ýyladyşhana gazlarynyň galyndylaryny azaltmak, energiýa täsirliligini ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak we energiýa çeşmeleriniň gaýtadan işlenilmegini ösdürmek babatyndaky halkara tagallalara Türkmenistanyň ygrarlydygyny nygtady.

Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy bilen bir hatarda, Türkmenistanyň howa ulgamy boýunça sebitleýin başlangyçlaryna hem aýratyn üns berildi. Wekiliýet foruma gatnaşyjylary agzalan Merkezi işe girizmek baradaky taýýarlyk işleriň barşy bilen tanyşdyrdy hem-de sebitiň döwletleri, halkara gurmalary we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Konwensiýanyň gatnaşyjy-döwletleriniň, şeýle-de halkara we sebit guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Gepleşikleriň barşynda howa syýasaty babatynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, häzirki zaman howa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, sebit hyzmatdaşlygy berkitmegiň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň SB64 işine gatnaşmagy daşky gurşawy goramak babatynda, şeýle-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga hem-de ekologiýa taýdan durnuklylygy üpjün etmäge, häzirki we geljekki nesliň abadançylygyň hatyrasyna işjeň başlangyçlary ilerletmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge yzygiderli ygrarlydygyny tassyklady.