Türkmenistanyň Ilçisi Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.B. Gochmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory H. Usmonzoda bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ylmy-analitiki ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem bilermenler derejesindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we türkmen-täjik strategiki hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan bilelikdäki ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda Strategiki barlaglar merkezi tarapyndan «Merkezi Aziýa +» formatynda iki sany bilermenler duşuşygy geçirildi. Olara Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýetleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilermenler derejesindäki gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ylmy-analitiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.