Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Fransiýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makronyň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Alena Grandy Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa bu jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Fransiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Bellenilşi ýaly, türkmen-fransuz gatnaşyklary diňe bir döwletara derejede çäklenmän, eýsem, iki ýurduň hususy pudaklarynyň ugry boýunça hem işjeň ösdürilýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň energetika, ulag-logistika infrastrukturasy, ylym, medeniýet ýaly ugurlarda täze başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alena Grand Bitarap Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.