img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» derejesi berildi

photo

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hajettepe uniwersitetine bardy.

Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» atly derejäni bermek dabarasy boldy.

Uniwersitetde döwlet baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we bu ýokary okuw jaýyň rektory Mehmet Jahit Güran dagylar mähirli garşyladylar.

Uniwersitetiň talyplary ýurt baştutanyna gül çemenini gowşurdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Hajettepe uniwersitetiniň rektory ýadygärlik surata düşdiler.

Dabaraly çärä Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary we Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri, ýokary okuw jaýynyň professor-mugallymlary, şeýle-de dostlukly ýurtda bilim alýan türkmen talyplary hem gatnaşdylar.

Dabarada ýokary okuw mekdebiniň prorektory çykyş etdi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gazanan üstünliklerini bellemek bilen, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň Türkmenistanyň Prezidentine «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor» derejesini bermek baradaky Kararyny okady.

Kararda bellenilişi ýaly, halkara gatnaşyklar we ählumumy howpsuzlyk ulgamlarynda çuňňur akademiki taýýarlygy möhüm döwlet wezipesi bilen utgaşdyrýan görnükli döwlet işgäri, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa özüniň prezidentlik döwründe Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyny BMG derejesinde parahatçylygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň guralyna öwrendigini, Hereketleriň Awaza Maksatnamasy ýaly ählumumy özara baglanyşyk boýunça giň möçberli başlangyçlara, şeýle-de Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda emeli aňdan başlap, “akylly” oba hojalygyna we bilelikdäki diplom maksatnamalaryna çenli giň gerimli ugurlar boýunça hyzmatdaşlykda görkezen berk syýasy erki hem-de goldawy üçin uniwersitetiň Senatynyň karary bilen, “Hormatly doktor” derejesi berilýär.

Soňra dabaraly çärede bu ýokary okuw jaýyň rektory Mehmet Jahit Güran çykyş etdi.

Bu çäräniň diňe bir görnükli döwlet işgärine akademiki derejäni bermek dabarasy bolman, eýsem umumy taryhy, medeni gatnaşyklary we dost-doganlygyň ýörelgelerini beýan etmek bolup durýandygy hem nygtaldy.

Mehmet Jahit Güran öz çykyşynda altmyş ýyllyk taryhynyň dowamynda Hajettepe uniwersiteti tutuş adamzadyň we türki dünýäniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin birnäçe döwlet işgärlerine hormatly doktor derejesini berendigini belledi we Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu derejäni kabul edendigi üçin çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň we medeniýetiň umumylygyna, dost-doganlyga esaslanýandygy nygtaldy.

Hajettepe uniwersitetiniň rektory çykyşynyň soňunda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna gülläp ösüşi arzuw etdi.

Soňra çykyş etmek üçin Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaza söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentini mähirli gutlap, bu ýokary alymlyk derejesiniň berilmeginiň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly doktor derejesi ylmy, jemgyýetçilik we halkara derejede alnyp barylýan işlere gymmatly goşandy bolan şahslara berilýän ýokary bahadyr. Bu dabara hem Türkmenistanyň Baştutanynyň halkara parahatçylygy we hyzmatdaşlygy, şeýle-de özara döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky tagallalarynyň ýokary beýanydyr.

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkiýe bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän goldawlaryna ýokary baha berip, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa sebit hem-de ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakdaky goşandyny, aýratyn hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy berkitmekdäki möhüm ornuny göz öňünde tutup, “Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor” derejesini bermek baradaky kararynyň  ähmiýetini belledi we bu alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli ýene bir gezek gutlady.  

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine “Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor” derejesiniň degişli diplomy gowşuryldy.

Soňra çykyş etmek üçin döwlet Baştutanyna söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hajettepe uniwersitetiniň “Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktor” derejesiniň berilmegi mynasybetli uniwersitetiň rektory, professor, doktor Mehmet Jahit Gürana,  uniwersitetiň Senatynyň agzalaryna we ähli professor-mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu hormatly ady diňe bir özüne berlen sylag hökmünde däl-de, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini belledi hem-de bu derejäniň berilmeginiň dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň, taryhyň we ruhy ýakynlygyň tassyknamasy hökmünde çykyş edýändigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda döwrebap bilim ulgamyny kemala getirmäge, ylym-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, okuw işine öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga uly üns berilýär diýip aýtdy.

Bu pudak döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi, tejribe alyşmagy we umumy ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän köpri bolup hyzmat edýär.

Biziň halklarymyz uzak asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek we umumy gymmatlyklary gorap saklamak ýörelgelerine eýerýärler. Bu taryhy miras häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär.

Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Olar dürli ugurlar boýunça hünär öwrenýärler we tejribe toplaýarlar.

Döwlet Baştutany türkmen we türk alymlarynyň, şeýle-de ýaş ylmy-barlag işgärleriniň bilelikde işlemeginiň täze ylmy netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hyzmatdaşlyk diňe bir ylym edaralarynyň ösüşine däl-de, iki döwletiň ykdysady we durmuş taýdan has-da kämilleşmegine hem itergi berjekdigi nygtaldy.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanyp, täze belentliklere çykarylmagyna ynam bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow doganlyk türk halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. 

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany we Hajettepe uniwersitetiniň rektory birek-birege ýene-de iň gowy arzuwlary beýan etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) “Strategik dostluk” nyşanynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanyna ýokary sylag we degişli şahadatnama  gowşuryldy.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow “Strategik dostluk” nyşanynyň berilmegi mynasybetli Türkiýäniň daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň wekillerine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de bu abraýly sylagy bildirilen belent hormatyň nyşany hökmünde kabul etmek bilen, ony iki ýurduň bilelikde durmuşa geçirýän köp ugurly hyzmatdaşlygynyň, netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň we giň gerimli işleriň möhüm tassyknamasy hasaplaýandygyny nygtady.

 “Strategik dostluk” nyşanynyň gowşurylmagy türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygynyň şaýady boldy.

Pursatdan peýdalanyp, prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady we şeýle ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigi üçin Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşine minnetdarlyk bildirdi.