img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASY - DUŞENBE
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň resminama mirasy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi

photo

2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça sebit komitetiniň (MOWCAP) 11-nji Umumy mejlisi we halkara maslahaty geçirildi.

Çäräniň guramaçylary hökmünde Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi, Indoneziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ÝUNESKO boýunça milli komissiýalary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Medeni miras gullugy çykyş etdiler.

Halkara maslahatyň esasy temasy «Suw dünýäsi: deňiz çarwalary, resminama mirasy we Dünýäniň hakydasy» diýlip atlandyryldy. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde Günorta-Gündogar Aziýanyň deňiz çarwalarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak meseleleri boldy.

Çäräniň açylyş dabarasynda Indoneziýanyň medeniýet ministri Fadli Zon we MOWCAP-yň sebit komitetiniň başlygy Kim Kwibae çykyş etdiler.

Türkmenistana bu halkara çäresinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri wekilçilik etdiler.

Umumy mejlisiň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň resminama mirasy boýunça hödürnamalaryna garaldy. Bilermenleriň seljermesiniň netijesinde resminama mirasynyň 21 nusgasy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebit sanawyna girizildi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň hödürlän «Abu Yshak Ybraýym ibn Adhamyň ömri we döredijiligi baradaky arhiw çeşmeleri» atly hödürnamasy hem bar. Ol bilermenler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Bu waka Türkmenistanyň resminama mirasynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebit sanawyna ilkinji gezek girizilmegidir.